Polşa serhet zolagyna garym we gaçybatalga gurar
Polşanyň Goranmak ministri Wladyslaw Kosinýak-Kamyş Belarussiýa we Russiýa serhetlerine garym we gaçybatalga gurjakdyklaryny mälim etdi
![Polşa serhet zolagyna garym we gaçybatalga gurar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/f91a/dae5/9d21/64ca52ce80256.jpg?time=1722044911)
Polşanyň Goranmak ministri Wladyslaw Kosinýak-Kamyş radio ZET-e beren beýanatynda, Polşa-Belarussiýa serhedindäki barýerleri abatlandyklaryny we güýçlendirendiklerini habar berdi.
Wladyslaw Kosinýak-Kamyş Belarussiýa we Russiýa serhetlerine garym we gaçybatalga gurulyp-gurulmajakdygy bilen bagly soraga bolsa: "Hawa ähli meýilnama taýarlanýar" diýip jogap berdi.
Polşa 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bikanun göçüň öňüni almak üçin Belarussiýa serhedine barýerler gurmaga başlapdy. Beýikligi 5,5 metr bolan we tikenli simler bilen gurşalan barýerleriň çykdajysy 407 million dollar bolupdy we 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda gurulyp tamamlanypdy.
Polşa 2022-nji ýylyň ahyrynda bolsa Russiýanyň Kaliningrad sebiti bilen bolan serhet zolagyna tikenli sim tor örmäge başlapdy.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722044912)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy