Erdogan Abbas we Tabbun Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Prezident R.T.Erdogan Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

1966524
Erdogan Abbas we Tabbun Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Cumhurbaşkanı Erdoğan - Cezayir Cumhurbaşkanı Tebbun.jpg

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde liderler oraz aýy mynasybetli birek-biregi gutladylar.

Türkiýäniň zerurlyk çekilýän ähli goldawy dowam etdircekdigini aýdan Erdogan, Türkiýede başdan geçirilen ýer titremeler zerarly Palestinanyň eden arkalaşygyna sagbolsun aýtdy.

Erdogan Alžiriň Prezidenti Abdulmacid Tabbun bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy.

 Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Alžir gatnaşyklary we sebitleýin wakalar hakynda pikir alyşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýede başdan geçirilen ýer titremelerden soň Alžiriň beren goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Liderler oraz aýy mynasybetli birek-biregi gutladylar.

 

 



Degişli Habarlar