Milli Goranmak Ministrligi Fransiýa Berk Garşylyk Görkezdi

"Türk ýaragly güýçleri ähli terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirer”

1966306
Milli Goranmak Ministrligi Fransiýa Berk Garşylyk Görkezdi

Milli Goranmak ministrligi, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň agzalarynyň Fransiýanyň senadynda kabul edilmegine garşylyk görkezdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “NATO agza Fransiýanyň parlamentinde eli ganly terror guramasy PKK/ÝPG-niň wekilleriniň kabul edilmegi, parlamente goýulýan sarpa uly zeper ýetirer. Bu hereket özara hyzmatdaşlyga hem bap gelmeýşi ýaly NATO-nyň terrora garşy alyp barýan göreşine hem zeper ýetirer. Türk ýaragly güýçleri ähli terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirer” diýildi.



Degişli Habarlar