Türkiye Daniýadaky aksiýany ýazgardy

Türkiye Daniýada Gurhana we Türkiyäniň baýdagyna garşy edilen aksiýany iň berk ýagdaýda ýazgardy

1965016
Türkiye Daniýadaky aksiýany ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Daniýada mukaddes kitabymyz Gurhana we şanly baýdagymyza garşy amala aşyrylan aksiýany iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Ýigrenç jenaýatyny emele getirýän şol aksiýa söz azatlygy ady bilen rugsat berilmegini hiç bir ýagdaýda kabul etmeýäris" diýip bellendi. 

Oraz aýynda amala aşyrylan şol aksiýanyň Yslam duşmançylygynyň, diskriminasiýanyň we daşary ýurt duşmançylygynyň Ýewropada günsaýyn has hem artyp, alada döretjek derejä ýetmegini we geçmişden sapak alynmandygyny ýene-de bir gezek açyk ýagdaýda görülendigi bellenen beýanatda, Türkiyäniň şol aksiýany iň berk ýagdaýda ýazgarýandygyny we protest edýändigini daniýaly resmilere ýetirendigi habar berildi. 

Beýanatda Daniýanyň resmilerine ady agzalan jenaýadyň jogapkärleri bilen bagly gerek bolan çäreleri görmäge we köpçülikleýin asudalygy, parahatçylyk içinde bir ýerde ýaşamak medeniýetini nyşana alýan bular ýaly görnüşli meçew bermeleriň öňüniň alynmagy maksady bilen anyk çäreleri görmäge çagyrylandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar