Ibrahim Kalyn güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynyň nähili dowam etjekdiginiň Şwesiýanyň etjek ädimlerine bagly boljakdygyny habar berdi

1965039
Ibrahim Kalyn güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn hususy telewideniýe kanallarynyň birinde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Kalyn NATO agzalyk tapgyrynda Finlýandiýa üçin näme sebäpli aýratyn bir gollanmanyň durmuşa geçirilýändigi bilen bagly soraga, şol ýurduň başyndan bäri oýuna 1-0 hasaby bilen öňde başlandygyny habar berdi.  

Kalyn NATO agzalyk tapgyrynda bolan Finlýandiýanyň Türkiyäniň terrora garşy göreşinde we goranyş senagaty önümlerine çäklendirme girizmek bilen bagly meselelerde has konstruktiw çemeleşme eýeländigini mälim etdi. 

Kalyn şol sebäpli Finlýandiýanyň NATO agzalygyna has oňyn garaýandyklaryny beýan etdi. 

Geçen ýyl Şwesiýada konstitutsiýa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilendigini we ýanwar aýynda güýje girendigini, şol çäkde ýazylan täze terrora garşy göreş kanunynyň hem 1-nji iýunda güýje girjekdigini aýdan Kalyn: "Takmynan 2 ayň içinde şony tamamlan mahallary bizi howpsuzlyk bilen bagly aladalarymyzy ortadan aýyrjak has tutanýerli, has anyk netije alynjak ädimler etmekleri mümkin ýagdaýa geler" diýip belledi. 

Kalyn Şwesiýa terror guramalaryna garşy hukuk taýdan, dolandyryş taýdan edilip bilinjek ädimleri tiz depginler bilen edip, olardan azat bolmaklary barada çagyryş berendiklerini aýdyp: "Ondan soň biz hem öz gezegimizde, ýagny NATO alýansynyň çäginde şol jebisligi we agzybirligi has anyk ýagdaýda orta goýalyň. Biz ýörelgä laýyklykda NATO-nyň giňelmegine hemişe oňyn ýagdaýda garadyk" diýip nygtady. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynyň nähili dowam etjekdiginiň Şwesiýanyň etjek ädimlerine bagly boljakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar