Birleşen Arap Emirlikleri 200 Tonna Hurma Kömegini Berdi

Oraz aýy mynasibetli ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 11 konteýner bilen 200 tonna hurma kömegi berildi

1962979
Birleşen Arap Emirlikleri 200 Tonna Hurma Kömegini Berdi

Birleşen Arap Emirlikleri oraz aýy mynasibetli ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 200 tonna hurma kömegini berdi.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň dünýä ýurtlaryndan gelýän kömekler dowam edýär.

Birleşen Arap Emirlikleri oraz aýy mynasibetli ýer titremelerinde ejir çekenler üçin 11 konteýner bilen 200 tonna hurma kömegini berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Sani Az Zahiri, ýer titremelerinden soň ýurdunyň Türkiýä kömek bermäge dowam edýändiklerini nygtady.

Zahiri “Türkiýä kömek bermäge dowam ederis. Oraz aýy mynasibetli ýer titremeleri zerarly ejir çeken doganlarymyza hurma kömegini berýäris. Hurmalarymyz Gaziantebe geldi. 11 konteýner bilen 11 welaýata hurma bereris” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar