Prezident Erdogan Yragyň Premýer ministrini kabul eder

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň güýçli diplomatik tagallalary dowam edýär

1962924
Prezident Erdogan Yragyň Premýer ministrini kabul eder

Prezident Erdogan Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa Al Sudani bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirer. 

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa Al Sudani bilen geçirjek duşuşygyndan soň, iki lider toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk ederler. 

Geçiriljek gepleşiklerde terrora garşy göreş, Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi, söwda we energetika ugurlary ara alynyp maslahatlaşylar. 

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin edilip bilinjek ädimler maslahatlaşylar. 

Gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde, gün tertibiniň sebitleýin we global meseleler barada hem pikir alyşylmagyna garaşylýar. 

Ylalaşyk resminamalaryna gol çekmek dabarasyndan soň Prezident Erdogan we Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa Al Sudani umumy metbugat ýygnagyny geçirerler. 



Degişli Habarlar