Ýewropa Komissiýasy Ýer Titremeleri Zerarly Türkiýä 1 Milliard Ýewrolyk Kömek Berer
Brýusselde Türkiýä we Siriýa ýer titremeleri zerarly kömek bermek maksady bilen halkara donorlar maslahaty geçirilýär.

Ýewropa Komissiýasy ýer titremelerinden soň ýaňadandan dikeldiş işleri üçin Türkiýä 1 milliard ýewrolyk kömek berer.
ÝB, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Türkiýä we Siriýa ýer titremeleri zerarly kömek bermek maksady bilen halkara donorlar maslahatyny geçirýär.
ÝB Komissiýasynyň başlygy Fon der Laýen, maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda 6-njy fewralda bolan ýer titremeleri zerarly Türkiýä we Siriýa kömek berilmegi üçin çagyryş berdi.
Laýen “Ýewropa Komissiýasy ýer titremelerinden soň ýaňadandan dikeldiş işleri üçin Türkiýä 1 milliard ýewrolyk kömek berer”diýip belledi.
Degişli Habarlar

Türkiye Somalide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Beýanatda: "Türkiye terrora garşy göreşde Somaliniň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip beýan edildi

Türkiyede şu gün Prezident saýlawy geçiriler
Türkiyäniň raýatlary şu gün Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin ses bererler