Prezident Erdogan Hataý welaýatynda saparda bolýar

Erdogan: "Halkara çagyryşa gulak asan 100 ýurtdan 90-sy örän peýdaly işler amala aşyrdy. Ýurduň içindäki we daşary ýurtlardaky ähli eziz dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi

1958482
Prezident Erdogan Hataý welaýatynda saparda bolýar

Prezident Erdogan: "Zyýanlary netijelendirmek boýunça işler tamamlanan mahaly kesgitlenmek bilen birlikde, şoňa laýyklykda Hataý welaýatynda 183 müň ýaşaýyş jaý we 15 müň oba öýüniň gurluşygyny amala aşyrmagy meýilleşdirýäris" diýip habar berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan gözegçilik işlerini geçirmek maksady bilen giden, 6-njy fewraldaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriniň täsir ýetiren Hataý welaýatynyň Kyrykhan etrabynda beren beýanatynda: "Ozal başdan geçirilen ýer titremelerde, ýangynlarda, sil apatlarynda welaýatlarymyzy başdan başlap diýen ýaly nähili dikelden bolsak, nesip bolsa ýene-de hiç kime ejir çekdirmeris" diýip belledi.  

Prezident Erdogan: "Häzirki wagta çenli ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde 426 müň çadyr dikdik, 2 aýyň içinde 100 müň konteýneri hem durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris" diýip nygtady. 

Erdogan: "Halkara çagyryşa gulak asan 100 ýurtdan 90-sy örän peýdaly işler amala aşyrdy. Ýurduň içindäki we daşary ýurtlardaky ähli eziz dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar