Mewlüt Çawuşogly 20-nji martda Halkara Donorlar maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank we Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati bilen Malatýa Guramaçylykly senagat zolagynda umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdiler

1958328
Mewlüt Çawuşogly 20-nji martda Halkara Donorlar maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 6-njy fewralda başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň, zyýan çeken adamlar üçin 20-nji martda duşenbe güni Halkara Donorlar maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank we Gazna we Maliýe ministri Nureddin Nebati bilen Malatýa Guramaçylykly senagat zolagynda umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdiler. 

Mewlüt Çawuşogly, ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin  Halkara Donorlar maslahatynyň geçiriljekdigini belläp: "Ýewropa Bileleşiginiň we döwürleýin başlygy Şwesiýanyň umumy tagallalary bilen 20-nji martda duşenbe güni şol maslahat geçiriler. Hormatly Prezidentimiz hem göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek maslahata gatnaşar" diýip habar berdi. 

Maslahata diňe Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar däl, eýsem biri-birinden tapawutly ýurtlaryň we halkara guramalaryň çagyryljakdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, özüniň hem maslahatda gerek bolan maglumatlary berjekdigini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar