Türkiýe Russiýa-Ukrina Söweşiniň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Etmäge Dowam Eder

Beýannamada söweşiň diňe iki ýurda däl eýsem tutuş dünýä ýaramaz täsirini ýetirýändigi bellenildi.

1951353
Türkiýe Russiýa-Ukrina Söweşiniň Bes Edilmegi Üçin Tagalla Etmäge Dowam Eder

Başyndan bäri Russiýa-Ukraina söweşine garşy durýan Türkiýe söweşiň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna laýyklykda bes edilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden Russiýa-Ukraina söweşiniň birinji ýyly hakynda berlen ýazmaça beýannamada, Türkiýäniň eden tagallalaryna garamazdan Ukrainada doly bir ýyl ozal 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan söweşiň henizem dowam edýändigi ýatladyldy.

Beýannamada söweşiň diňe iki ýurda däl eýsem tutuş dünýä ýaramaz täsirini ýetirýändigi bellenildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Söweşiň, gepleşikler arkaly adatatly ýagdaýda bes edilmegini nygtamaga dowam edýäris. Stambul galla geçelgesi ylalaşygy ýaly meseläniň çözülmeginde uly rol oýnajak ähli tagallara goldaw berýäris” diýildi.

Beýannamada, “Başyndan bäri söweşe garşy durýan Türkiýe söweşiň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna laýyklykda bes edilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder” diýildi.



Degişli Habarlar