Türkiye Ysraýylyň goşunynyň aksiýalaryny ýazgardy

Türkiye Ysraýylyň goşunynyň Günbatr Şerianyň demirgazygyndaky Nablus şäherinde amala aşyran aksiýalaryny berk ýagdaýda ýazgarýandygyny habar berdi

1950307
Türkiye Ysraýylyň goşunynyň aksiýalaryny ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi, mesele bilen bagly beren ýazmaça beýanatynda, Ysraýylyň goşuny tarapyndan Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde guran hüjümleriniň netijesinde aralarynda ýaşuly adamlaryň we asuda ilatyň bolan azyndan 10 palestinalynyň ýogalmagyna we 100-den gowrak adamyň ýaralanmagyny berk ýagdaýda ýazgarýandygy we näletleýändigi baradaky sözleri bilen reaksiýa bildirdi. 

Sebitde zorluklaryň öňüniň alynmagy üçin Ysraýylyň resmileriniň bular ýaly görnüşli hüjümlerini we meçew bermelerini iň gysga wagtda bes etmeginiň gerekdigi bellenen beýanatda: "Basyşlarda ýogalan palestinaly doganlarymyza Alladan rehnet, Palestinanyň döwletine we halkyna gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň goşunynyň Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Nablus şäherinde amala aşyran aksiýalarynda 10 palestinalynyň öldürilendigini, 100-den gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar