Senegalyň Lideri Prezident Erdogana Minnetdarlyk Bildirdi

Prezident Sall, Senegalyň gözleg we halas ediş toparynyň agzalarynyň iş alyp barýan ýerine baryp gören Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

1949080
Senegalyň Lideri Prezident Erdogana Minnetdarlyk Bildirdi

Senegalyň Prezidenti Maki Sall, Hataýda iş alyp barýan senegally gözleg we halas ediş toparynyň agzalary bilen duşuşan Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Sall, Twitterden beren habarnamasynda, Senegalyň gözleg we halas ediş toparynyň agzalarynyň iş alyp barýan ýerine baryp gören Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Sall, Senegalyň agyr günleri başdan geçirýän türk halky we hökümeti bilen arkalaşykly hereket edýändigini ýatlatdy.

Senegalyň hökümeti, geçen hepdelerde 30 adamlyk gözleg we halas ediş toparyny Türkiýä ugradypdy.

6-njy fewralda bolan we 11 weýatda uly weýrançylyklar getiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #sagbolsun , #Maki Sall , #Senegal

Degişli Habarlar