Çawuşogly we Blinken umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

1948691
Çawuşogly we Blinken umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Türkiyäniň F-16-lar bilen baglanşykly tamalaryny açyk ýagdaýda beýan edendigini aýdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Iki ýurduň ýagny Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklarynyň F-16-laryň satyn alynmagyna şert goýulmagy dogry bolmaz, adalatly hem bolmaz. Ikisi tapawutly mesele, ikisiniň hem şertleri bar, öz esaslaryna laýyklykda dowam edýän gepleşikler bar. Memorandum bar. Şol sebäpli ikisini biri-birine şert goýmak dogry bir çemeleşme bolmaz. Ýa-da şert goýulyp biziň F-16-lary satyn almagymyz şonsyz hem mümkin bolmaz. Elimiz, gollarymyz daňylmaly däl. Meniň pikirimçe, bu meselede Türkiyäniň we ABŞ-nyň hökümetleriniň umumy pozisiýa eýelemegi tankydy ähmiýete eýedir" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly: "F-16-laryň üpjünçiligi bilen baglanşykly talaplarymyzyň berjaý edilmegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz taýdan hem möhüm, emma NATO-nyň goranyş mümkinçilikleri taýdan hem örän möhümdir" diýip belledi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Siriýadaky wadalaryny hem ýatladyp, DAIŞ-e garşy PKK/ÝPG ýaly terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň dogry däldigini beýan etdi. 

Russiýa bilen baglanşakly ministr Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Türkiyäniň üsti bilen bozulmagyna, sanksiýalaryň ortadan aýyrlamgyna rugsat bermejekdigimizi aýdýarys we rugsat hem bermeýäris" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bolsa: "Prezident Jo Baýdeniň aýdyşy ýaly Türkiyäniň we NATO-nyň bilelikdäki iş mümkinçiligi biz üçin hemişe möhümdir" diýdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiyä F-16-laryň berilmegi üçin Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň goldawynyň dowam edýändigini beýan etdi. 

Blinken: "Türkiyäniň günorta serhedi bilen baglanşykly hakyky howpsuzlyk aladalaryna düşünýäris" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar