“Ýek Ýürek Türkiýe” Kömek Kampaniýasyna Uly Goldaw Berildi

Kampaniýanyň çäginde jemi 115,1 milliard liralyk nagt pul kömegi berildi.

1947031
“Ýek Ýürek Türkiýe” Kömek Kampaniýasyna Uly Goldaw Berildi

 

Güýç merkezi Mahramanmaraşda bolan ýer titremesinde ejir çekenler üçin Türkiýäniň Raditelewideniýe guramasy TRT bilen birlikde 8 telewideniýe kalynda ýaýlyma berlen “Ýek Ýürek Türkiýe” kömek kampaniýasy geçirildi.

Kampaniýanyň çäginde Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFADA we Türk gyzyl ýaýymaý jemgyýetine jemi 115,1 milliard liralyk nagt pul kömegi berildi.

Prezident R. T. Erdogan, digital, ýerli, sebitleýin, milli we halkara derejesinde 200 telewideniýe kanaly bilen 500 radionyň gatnaşmagynda, DKTR-da we Azerbaýjanda ýaýlym berlen kampaniýa gatnaşyp “Ýurduň çar tarapyndan we daşary ýurtlardan Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna beriljek kömek dolulygyna ýer titremesinde ejir çekenler üçin ulanylar”diýdi.

6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygynda ýer titremeleri sebäpli 10 welaýatda we Siriýada müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar