Erdogan: "Milletim bilen birlikde munyň hötdesinden geleris" diýdi

6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeler müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, tebigy apat Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýär

1946473
Erdogan: "Milletim bilen birlikde munyň hötdesinden geleris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler bilen baglanşykly: "Şu güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem milletim bilen birlikde munyň hötdesinden geleris" diýip belledi. 

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň merkezi binasynda Ministrler kabinetiniň mejlisinden ozal AFAD Koordinasiýa merkezindäki resmilere ýüzlenip çykyş etdi. 

AFAD-yň ähli bölümleri bilen uly apatyň başyndan bäri arman-ýadaman zähmet çekendigini we häzirki wagtda hem dowam etdirýändigini aýdan Prezident Erdogan, ýer titremede ýogalan adamlar üçin Alladan rehnet, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

"Uly bir apat, gözegçilik edýäris" diýip aýdan Prezident Erdogan maksatlarynyň 1 ýylyň içinde ýumrulan binalary ýaňadandan gurmakdadygyny we dikeltmekdigini beýan etdi. 

6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeler müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, tebigy apat Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýär. 



Degişli Habarlar