Mewlüt Çawuşoglu Bilen Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Jeýhun Baýramow Kahramanmaraşa Bardy

Azerbaýjan, ýer titremelerine 745 adamlyk gözleg we halas ediş topary bilen goldaw berýär.

1945203
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Jeýhun Baýramow Kahramanmaraşa Bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinden soň Kahramanmaraşa bardy.

Mewlüt Çawuşoglu bilen Jeýhun Baýramow “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen we güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinden soň dowam edýän gözleg we halas ediş işleri meselesinde Kahramanmaraşda Içeri işler müdürliginde Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň ýolbaşçylgynda geçirlen maslahata gatnaşdy.

Azerbaýjan, ýer titremelerine 745 adamlyk gözleg we halas ediş topary bilen goldaw berýär.

Azerbaýjan şeýle hem şu günki güne çenli Türkiýä 1200-den gowrak çadyr ugratdy.



Degişli Habarlar