Raýatlar gan tabşyrmak üçin Gan tabşyrmak merkezlerini doldurdylar

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 10 aýry welaýatyna täsir ýetiren ýer titremeden soň, gan zerurlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen Türkiyäniň çar tarapynda Gan tabşyrmak merkezleri raýatlar bilen doldy

1943225
Raýatlar gan tabşyrmak üçin Gan tabşyrmak merkezlerini doldurdylar
kizilay kan bagis.jpg
kizilay kan bagis.jpg
kizilay kan bagis.jpg

Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Ankara Bilkent şäher hassahanasyndaky Gan tabşyrmak merkezine gelen raýatlar, nobata durup gan tabşyrýarlar. 

Stambul şäherinde hem raýatlar ýer titremelerden soň, bolmagy ähtimal gan zerurlygy üçin geçirilýän gan bermek kampaniýasyna uly gyzyklanma bildirýärler. 

Edirnede bolsa Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Gan tabşyrmak merkezi tarapyndan 3 aýry nokatda gan kabul ediýär. Düýnden bäri şäherde takmynan 500 sany gan ýygnaldy. 

Kyryklareli welaýatynda hem Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Gan tabşyrmak merkezi tarapyndan 2 aýry nokatda gan kabul edilýär. Gan tabşyrmak üçin gelen raýatlar uly nobatlar emele getirýärler. 

Tekirdag welaýatynda hem Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan 4 aýry nokatda gan tabşyryklaryny kabul edýär. 

Çanakkalede bolsa Respublika meýdançasynda emele getirilen mobil desgasyna gelen köp sanda raýat gan bermek üçin ýüz tutdy. 

Wan welaýatynda döredilen Gan tabşyrmak nokatlaryna gelen raýatlar, ýer titreme sebitindäki gan zerurlygynyň üpjün edilmegi üçin goşant goşmak üçin nobata durýarlar. 



Degişli Habarlar