31 sagat soň 15 aýlyk bäbek harabalyklaryň arasyndan çykaryldy

Kahramanmaraş şäherinde ýer titremeler sebäpli ýumrulan Menderes etrapçasyndaky bir binanyň harabalyklarynyň arasyndan 15 aýlyk bäbek çykarylyp, hassahana ýatyryldy

1943239
31 sagat soň 15 aýlyk bäbek harabalyklaryň arasyndan çykaryldy

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk we Elbistan etraplary bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerde harabalyklaryň arasynda galan adamlaryň halas edilmegi maksady bilen Menderes etrapçasynda geçirilýän gözleg we halas ediş işlerinden hoş habar gelip gowuşdy. 

10 gatly bir binanyň harabalyklarynyň arasyndan eşidilen sesiň gelýän ýerinde işlerini artdyran gözleg we halas ediş toparlar, takmynan 31 sagat bäri harabalyklaryň aşagynda bolan 15 aýlyk Merýem Yşyk atly bäbegi tapdylar. 

Harabalyklaryň aşagyndan çykarylyp, ilkinji tiz saglyk kömegi berilen bäbek, tiz kömek ulagy bilen hassahana alynyp gidildi. 

Merýem Yşyk atly bäbegiň ejesiniň hem harabalyklaryň aşagyndadygy barada maglumat alan gözleg we halas ediş toparlar şol nokatda işlerini artdyrdylar. 



Degişli Habarlar