Kahramanmaraşda 7,6 Bal Ululygynda Ýene-de Bir Ýer Titremesi Boldy

Kahramanmaraşyň Elbistan etrabynda ýerli wagt bilen 13,24-de 7,6 bal ululygynda ýene-de bir ýer titremesi boldy.

1942504
Kahramanmaraşda 7,6 Bal Ululygynda Ýene-de Bir Ýer Titremesi Boldy

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinden we ýer sarsgynlaryndan soň Elbistan etrabynda 7,6 bal ululygynda ýene-de bir ýer titremesi boldy.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtgynda berlen habara görä, Kahramanmaraşyň Elbistan etrabynda ýerli wagt bilen 13,24-de 7,6 bal ululygynda ýene-de bir ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 7 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar