9 Ýurduň Ilçisi Daşary Işler Ministligine Çagyryldy

Türkiýede terror aksiýasy howpy bahanasy bilen konsullyklarynyň işine arakesme beren ýurtlar bilen bilelikde 9 ýurduň Türkiýedäki Ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy.

1941381
9 Ýurduň Ilçisi Daşary Işler Ministligine Çagyryldy

Diplomatik çeşmeler terror aksiýasy howpy bahanasy bilen konsullyklarynyň işine arakesme beren ABŞ-nyň, Gollandiýanyň, Şweýsariýanyň, Şwesiýanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň Türkiýedäki ilçileriniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny habar berdi.

İlçilere mesele boýunça reaksiýa bildirildi we Türkiýede ýerleşýän ähli diplomatik wekilhanalaryň howpsuzlyklarynyň halkara ylalaşyklara laýyklykda üpjün edilýändigi ýatladyldy.

Şeýle birwagtlaýyn işleriň deňagramly we sagdyn pikirli çemeleşme däldigi, onuň diňe terror guramalarynyň pespäl gün tertibine hyzmat edýändigi nygtaldy.

Dost we ýaran ýurtlardan garaşylýanyň, Türkiýäniň howpsuzlyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmeklikden ybaratdygy beýan edildi.



Degişli Habarlar