“ABŞ-da Geçiren Duşuşyklarymyz Özara Gatnaşyklar Taýdan Netijeli Boldy”

Mewlüt Çawuşogly duşuşyklaryny Nýu-Ýorkdaky Türköýünde dowam etdirdi.

1935939
“ABŞ-da Geçiren Duşuşyklarymyz Özara Gatnaşyklar Taýdan Netijeli Boldy”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-na guran saparynyň soňky gününde, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Karri bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Karri bilen Jenap Emine Erdogan hanymyň öňbaşçylygynda başladylan galyndylardan ýerlikli peýdalanmak başlangyjy hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Duşuşykda, Türkiýäniň töwellaçylygynda gazanylan galla geçelgesi ylalaşygy we Siriýadaky gumanitar ýagdaý meselesi hem gün tertibine getirildi.

Mewlüt Çawuşogly duşuşyklaryny Nýu-Ýorkdaky Türköýünde dowam etdirdi.

Türkiýäniň ABŞ-daky we Kanadadaky Baş konsullary bilen duşuşan Çawuşogly, “Dünýäniň çar tarapyndaky raýatlarymyza goldaw bermäge dowam ederis”diýdi.

Siriýanyň halkynyň ABŞ-daky wekilleri bilen hem duşuşan Çawuşogly, duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda syýasy etaba goldaw bermäge dowam etjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtadyk” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-na guran sapary hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Geçiren duşuşyklarymyz özara gatnaşyklar taýdan netijeli boldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar