Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-a sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu gün ABŞ-na resmi sapar gurar

1934230
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-a sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde 18-nji ýanwarda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Türkiye-ABŞ Strategik mehanizmiň çäginde, paýtagt Waşingtonda ikiçäk duşuşyk geçirjekdigi habar berildi.

Geçiriljek ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn ele alynmagy we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglnyň ABŞ-na sapary 20-nji ýanwara çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar