Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

1933523
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

Erdogan bilen Putin şeýle hem galla geçelgesi we ammiak eksporty, rus gallasynyň Afrika ýurtlaryna ýetirilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Rusiýa bilen Ukrainanyň arasynda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň töwellaçylyk etmäge taýardygyny ýene-de bir gezek nygtady.

 



Degişli Habarlar