Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1928541
Prezident Erdogan russiýaly kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde energiýa başda bolmak bilen Türkiye-Russiýa gatnaşyklary bilen Russiýa-Ukraina söweşi we Siriýa bilen birlikde sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyede bir tebigy gaz merkezini döretmek ugrunda infrastrukturany güýçlendirendiklerini we mundan soň hem güýçlendirmäge dowam etjekdiklerini belläp, bu babatda iň gysga wagtda ýol kartasyny tamamlap, durmuşa geçirmek üçin anyk ädimleri etmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi bilen baglanşykly gepleşikleriň oňyn netije berendigine galla geçelgesi, ýesir çalşygy we Zaparožýe atom bekediniň töwereginde howpsuz zolagyň döredilmegi bilen bagly başlangyçlarda şaýat bolandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, parahatçylyk we gepleşikler bilen baglanşykly çagyryşlaryň bir taraplaýyn od açmazlyk baradaky ylalaşyklaryň yglan edilmegi we adalatly çözgüt maksatnamalary bilen goldanmagynyň gerekdigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň Türkiyäniň serhet zolagyndan, esasan hem Tel Ryfatdan we Manbijden arassalanmagy üçin anyk ädimleriň edilmeginiň gerekdigini nygtap, Siriýa meselesi babatynda bolsa anyk netije alynmagy üçin Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň konstruktiw bolmagynyň we syýasy tapgyrda ençeme ädimleri durmuşa geçirmeginiň gerekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar