Türkiyäniň Daşary işler ministri Katarly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde Katarda üstünlik ýagdaýda geçirilen FIFA 2022 Dünýä Futbol çempionaty mynasybetli kärdeşini gutlady

1927895
Türkiyäniň Daşary işler ministri Katarly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Kataryň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde, Itamar Ben-Gwiriň Aksa metjidine garşy öjükdiriji aksiýalaryny ýazgarýandyklaryny beýan etdiler. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä iki ministr Palestina, Siriýa we Owganystanda başdan geçirilen hadysalary maslahatlaşan telefon söhbetdeşligini geçirdiler. 

Ministrleriň ikisi hem telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Milli Howpsuzlyk ministri Ben-Gwiriň Aksa metjidine garşy düýn amala aşyran öjükdiriji aksiýalaryny ýazgarýandyklaryny belläp, Siriýadaky hadysalar barada hem pikir alyşdylar. 

Al Sani we Çawuşogly mundan başgada Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň zenanlaryň bilime elýeterliligine garşy gadagançylygy bilen kesgitli iş şertlerinden uzaklaşdyrmaklary baradaky aladalaryny beýan etdiler. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde Katarda üstünlik ýagdaýda geçirilen FIFA 2022 Dünýä Futbol çempionaty mynasybetli kärdeşini gutlady. 



Degişli Habarlar