Mewlüt Çawuşogly, Finlýandiýaly we Pakistanly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Haawisto we Pakistanyň Daşary işler ministri Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1925473
Mewlüt Çawuşogly, Finlýandiýaly we Pakistanly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto we Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto Zerdari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mewlüt Çawuşogly Finlýandiýaly kärdeşi Haawisto bilen NATO-nyň giňelmek etaby we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Çawuşogly Pakistanly kärdeşi Zerdari bilen bolsa özara gatnaşyklar we Owganystandaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar