Diýarbakyrda Partlama Boldy

Diýarbakyr welaýatynda ýörite polis güýçlerini alyp barýan ulagyň geçýän mahalynda bolan partlamada 8 polis gullukçysy ýaralandy.

1919576
Diýarbakyrda Partlama Boldy

Diýarbakyr-Mardin ýolunyň Ýeşil Wadi etrapçasynda geçýän böleginde ýörite polis güýçlerini alyp barýan ulagyň geçýän mahalynda partlama boldy.

Partlamadan soň wakanyň bolan ýerine köp sanly saglygy goraýyş we polis toparlary ugradyldy.

Partlamada ýaralanan 8 polis gullukçysy hassahana alynyp gidildi.

İçeri işler ministri Süleýman Soýlu wakany gurandygy çaklanylýan iki adamyň saklanandygyny beýan etdi.

Ýaralanan polis gullukçylarynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.



Degişli Habarlar