Mewlüt Çawuşogly maltaly kärdeşi Ian Borg bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Malta bilen Liwiýanyň durnuklylygy, geljegi ýaly meselelerde ýakyn geňeşmeler geçirýändiklerini we hyzmatdaşlyk içinde boljakdyklaryny habar berdi

1919461
Mewlüt Çawuşogly maltaly kärdeşi Ian Borg bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara şäherine gelen Maltanyň Daşary işler, Ýewropa işleri we Söwda ministri Ian Borg bilen geçiren duşuşygyndan soň, metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin meseleleriň hem üstünde durup geçendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, sebitleýin meselelerde hem has köp hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşandyklaryny habar berdi. 

Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG sebäpli artan terror howpy barada hem kärdeşine maglumat berendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Mundan başgada operasiýalarymyz barada maglumat berdim. Siriýadaky häzirki ýadgaýyň ençeme täsiri bar. Olaryň iň ulusy bolsa ynsanperwer ugur. Hakykatdan hem Siriýada ýaşaýan adamlar örän uly kynçylyklar çekýär. Ynsanperwer kömekleriň dowamly häsýetde ýetirilmegi gerek. Şonuň üçin hem BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2642 belgeli kararynyň möhlediniň uzadylmagy gerek. Möhledi 10-njy ýanwarda dolýar, ozal şol karar 6 aý möhlet bilen uzadylypdy. Esasan hem Türkiyäniň üsti bilen serhetaşa siriýalylara beriljek ynsanperwer kömek bilen baglanşykly" diýip belledi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly Maltanyň Türkiye-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryny hemişe güýçli ýagdaýda goldandygyny aýdyp: "Esasan hem şu günki maslahatda wiza erkinligi we Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň mödernizasiýasy babatyndaky tamalarymyzy aytdyk" diýip habar berdi. 

Liwiýa iň ýakyn ýurtlaryň biriniň hem Malta döwletidigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ol ýerdäki oňaýsyz ýagdaýyň Malta täsir ýetirmegi hemişe oňaýsyz hadysa boldy. Esasan hem bikanun migrasiýa bilen baglanşykly uly tejribeleri boldy. Liwiýa meselesinde esasan hem käbir taslamalarda: bikanun immigrasiýa garşy göreş, Liwiýanyň durnuklylygy bilen bagly Malta bilen şol bir düşünjä eýediris.  Malta bilen Liwiýanyň durnuklylygy, geljegi ýaly meselelerde ýakyn geňeşmeler geçirýäris we hyzmatdaşlyk içinde bolarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar