“Türkmen Gazy Meselesinde Möhüm Karar Kabul Etdik”

Mewlüt Çawuşogly, Jeýhun Baýramow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen metbugata beýannama berdi.

1918949
“Türkmen Gazy Meselesinde Möhüm Karar Kabul Etdik”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, öňümizdäki etapda, Türki dünýäni birleşdirýän esasy gymmatlyklardan biri bolan dil we elipbiý meselesinde alnyp barylýan işeriň depginini güýçlendirmek isleýändiklerini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirlen Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň birinji üçtaraplaýyn sammitinden soň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen metbugata beýannama berdi.

Ministr Çawuşogly, Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibinde üç ýurduň  arasynda energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesiniň esasy orun eýeländigini belledi.

Türkiýäniň Azerbaýjanyň tebigy gazyny Günorta Kawkaz turba geçirijisi we Trans Anadoly tebigy gaz turba geçirijisi taslamasy TANAP arkaly Ýewropa ýetirendigini nygtan Çawuşogly, “Türkmen gazyny üç ýurduň Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bähbidine laýyklykda dünýä bazarlaryna ýetirilmegi meselesinde möhüm karar kabul etdik” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar