Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçydan 2-niň ekstremist terror guramasy PKK-nyň çal kategoriýada gözleýän ýokary derejeli ýolbaşçylardygy anyklandy

1918380
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministrligi, Şyrnak welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirlen 3 terrorçydan 2-niň ekstremist terror guramasy PKK-nyň çal kategoriýada gözleýän ýokary derejeli ýolbaşçylardygyny mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannama görä, “Eren Gabaw Güýz-Gyş-15" operasiýasynyň çäginde, Şyrnak welaýatynda geçirlen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň “Gözlenýän terrorçylar sanawynda” çal kategoriýada gözlenýän “Sylaw Koçer” lakamly Behiýe Kaçardygy anyklandy.

Çal kategoriýada gözlenýän beýleki terrorçynyň bolsa “Agit Nizip” lakamly Ýakup Demirdigi anyklandy.

Terrorçy Demiriň 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Gabar Dagy etrapçasynda esger Görkem Akkugyň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüme gatnaşandygy anyklandy.

 

 

 



Degişli Habarlar