PKK-a Agza 4 Terrorçy Boýun Egdi

“Terorçylar üçin ýeke-täk ýol bar ol hem türk adalatyna boýun egmek"

1917688
PKK-a Agza 4 Terrorçy Boýun Egdi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Milli Goranmak ministrligi, howa güýçleriniň goldaw bermeginde guralan operasiýada 4 terrorçynyň boýun egendigini habar berdi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, “Terorçylar üçin ýeke-täk ýol bar ol hem türk adalatyna boýun egmek. Gahryman esgerlerimiziň Yragyň demirgazygynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde guran operasiýasyndan halas bolup bilmejekdigine göz ýetiren PKK-ly 4 terrorçy boýun egdi. Terrorçylar bilen birlikde 4 sany Ak-47 tüpeňi bilen şol ýaragyň 600 güllesi, 10 granat we dürbi ele geçirildi. Esgerlerimizi geçiren üstünlikli operasiýalary bilen mähirli gutlaýarys we rowaçlyk arzuw edýäris” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar