Ibrahim Kalyn PKK/ÝPG-e garşy geçirilmegi ähtimal operasiýa bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, hususy telewideniýe kanalalrynyň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi

1912523
Ibrahim Kalyn PKK/ÝPG-e garşy geçirilmegi ähtimal operasiýa bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Siriýadaky ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-niň barlygyna garşy geçirilmegi ähtimal operasiýa bilen baglanşykly: "Ertir, indiki hepde ýa-da islendik pursat bolup biler" diýip nygtady. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, hususy telewideniýe kanallarynyň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýannama berdi. 

Ibrahim Kalyn, Siriýadaky ekstremist terror guramasynyň düzümlerine garşy guralmagy ähtimal operasiýa bilen baglanşykly: "Ertir, indiki hepde ýa-da islendik pursat bolup biler. Tapawutly ýagdaýda operasiýalar geçirilip biliner. Şol operasiýalar islendik pursat guralyp biliner. Şu günki güne çenli nähili geçirilen bolsa, mundan soň hem geçirilmäge dowam ediler" diýip habar berdi. 

Geçirilmegi ähtimal operasiýa garşy Siriýanyň dolanşygynyň reaksiýasy babatynda bolsa Ibrahim Kalyn, geçen ýyllarda geçirilen operasiýalary göz öňünde tutup: "Üç operasiýany geçirmedik bolsadyk, onda Siriýanyň territorial bütewiligi bolmazdy" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #Ibrahim Kalyn

Degişli Habarlar