ÝPG/PKK-nyň hüjüminde ýogalan 5 ýaşyndaky Hasan Karataş jaýlandy

Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabynyň merkezindäki Okuw köçesinde 3 gatly binanyň 2-nji gatyna ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan düýn raketalar we minomýotlar bilen hüjümler guralmagy netijesinde 5 ýaşyndaky Hasan Karataş ýogalypdy

1909510
ÝPG/PKK-nyň hüjüminde ýogalan 5 ýaşyndaky Hasan Karataş jaýlandy

Türkiyäniň Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan Siriýanyň demirgazygyndan düýn raketalar we minomýotlar bilen guralan hüjümde ýogalan 5 ýaşyndaky Hasan Karataş jaýlandy. 

Hasan Karataşyň Türkiyäniň baýdagyna saralan tabyty Gaziantepiň kazyýet-lukmançylyk edarasyndaky işlerden soň, etrabyň obalyk ýerindäki Karanfil etrapçasyna getirildi. Hasan Karataşyň ejesi Dilan we kakasy Zeki Karataş bilen 3 dogany tabyty gujaklap agladylar. 

Hasan Karataş Karanfil etrapçasyndaky gonamçylykda jaýlandy. 

Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabynyň merkezindäki Okuw köçesinde 3 gatly binanyň 2-nji gatyna ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan düýn raketalar we minomýotlar bilen hüjümler guralmagy netijesinde 5 ýaşyndaky Hasan Karataş ýogalypdy. 



Degişli Habarlar