Erdogan Baýden we Liderler Bilen Özara Duşuşyklar Geçirdi

Prezident Indeoneziýanyň Bali adasynda geçirilýän G20-ä girýän ýurtlaryn Sammitinde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy.

1906678
Erdogan Baýden we Liderler Bilen Özara Duşuşyklar Geçirdi
Giorgia Meloni-Erdogan.jpg

Prezident Erdogan Balidäki saparynyň çäginde ilki Apurwa Kempinskidäki G20-niň Liderler Sammitiniň resmi garşylama dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan Bali Adasynda G20-niň Maslahatynyň Çäginde Duşuşyklaryna Başlady

Prezident R.T.Erdogan Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilýän G20-niň liderler Maslahatynda özara duşuşyklaryna başlady.

Erdogan Apurwa Kempinskidäki G20-niň Liderler Sammitiniň resmi garşylama dabarasyna gatnaşdy.

Sammite ýer eýeçiligini edýän Indoneziýanyň döwlet Ýolbaşçysy Žoko Widodo maslahatdan ozal Erdogany garşy alyp, ýadygärlik surat aldyrdy.

Lider resmi garşylama dabarasyndan soň “Azyk we energetika howpsuzlygy” mejlisine gatnaşdylar.

Prezident Erdogan mejlisiň geçirilýän zalynda liderler bilen söhbetdeş boldy.

Soň sammitiň çäginde ikiçäk duşuşykar geçiren Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçirildi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanama görä duşuşykda söwda we howpsuzlyk ugurlarynyň başda durmagynda iki ýurduň özara gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden duşuşykda Stambulyň İstiklal şaýolunda guralan terror hüjüminde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Sebitleýin meseleler boýunça hem pikir alyşylan duşuşykda Baýden Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda galla eksporty boýunça başdan geçirilen düşnüşmezligiň çözülmegini we eksportuň gaýtadan başlamagyny ýola goýmak ugrundaky tagallalary üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky F-16 uçarlarynyň aluwy boýunça dowam edýän gepleşikleri hökümetiň goldaýandygyny beýan eden Baýden, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynda Türkiýäniň möhüm pozisiýa eýeleýändigini hem aýtdy.

Ak Tamdan berilen beýanata görä bolsa Stambuldaky terror hüjüminiň başda durmagynda sebitleýin we global meseleler seljerildi.

Baýden NATO-nuň ýaranlaryndan biri bolup durýan Türkiýäni goldaýandyklaryny nygtap, Erdoganyň adyndan türk halkyna “çuňňur” duýgaşlyk bildirdi.

Prezident Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Ben Salman bilen hem duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklar metbugata ýapyk häsýetde geçirildi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Fransiýanyň Prezidenti Makron duşuşykda Stambuldaky terror hüjüminde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşylan duşuşykda Prezident Erdogan söwda pudagynyň ýany bilen goranyş we energetika pudaklarynda-da iki ýurdun arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki tarap üçin hem bähbitli bolandygyny beýan etdi.

Galla eksportunyň ýokary tagallalardan soň gaýtadan başlandyğyny beýan eden Erdogan, ylalaşygyň dowam etmeği üçin ÝB-niň hem öz borjuny berjaý etmelidigini aýtdy.

Prezident Erdogan aýratynam Gresiýanyň dogruçyl, içgin we netijeli dialoga höweslendirilmelidigini beýan etdi.

Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Girgia Meloni bilen hem duşuşdy.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçirildi.



Degişli Habarlar