Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Guterreş 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we Gara deňiz galla geçelgesi hakynda pikir alyşdy.

1901918
Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Guterreş telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we Gara deňiz galla geçelgesi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Russiýa we Ukraina bilen geçirlen ýokary derejeli gepleşikler netijesinde galla geçelgesiniň ýaňadandan açylmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, Stambulda baglaşylan galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy üçin işe girişendiklerini ýatlatdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş hem galla geçelgesiniň ýaňadandan açylmagy üçin eden tagallasy sebäpli Prezident Erdogana sag bolsun aýtdy.

Siriýa berilýän ynsanperwer kömekler hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan,  möhledi 10-njy ýanwarda dolýan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň degişli kararynyň uzadylmagyna goldaw berilmegini isledi.

 

 

 



Degişli Habarlar