Hulusi Akar Galla geçelgesi bilen bagly beýannama berdi

Hulusi Akar Gara deňizdäki galla koridorynyň soňky ýagdaýy bilen bagly: "Ukrainanyň portlaryndan çykan gämiler ýollaryny dowam etdirýär. Türkiyäniň baýdagyny göterýän gämileriň çykyşlarynda mesele başdan geçirilmedi" diýdi

1900978
Hulusi Akar Galla geçelgesi bilen bagly beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, paýtagt Ankara şäherinde galla geçelgesi bilen baglanşykly maglumat berdi. 

Russiýanyň 29-njy oktýabrda Sewastopoldaky hüjüm bilen bagly galla eksportynyň wagtlaýyn häsýetde ýatyrylandygy bilen bagly beýanatyny ýatladan Hulusi Akar: "Eger ýagdaý bular ýaly görnüşde dowam etse we galla eksporty dursa, onda ösüp barýan ýurtlarda uly açlyk howpy, şoňa laýyklykda bahalaryň artmagy we syýasy durnuksyzlygyň bozulmagyna çenli wakalaryň emele gelip biljekdigini ählimiz görýäris. Ylalaşygyň baglaşylmagynyň edil yz ýanyndan gallanyň bahalary örän peseldi we ýagdaý rahatlady. Onuň şolar ýaly görnüşde dowam etmegini arzuw edýäris" diýp mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow we Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýdan Hulusi Akar: "Ol ýerdäki portlardan diňe gallanyň çykmagy we koridoryň ynsanperwer kömek maksatly ulanylmagy babatynda taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyk bar. Şol işleriň bozulmazlygynyň, hiç bir kynçylyga sebäp bolmazlygynyň we ýaňadandan başa gaýdyp gelinmezliginiň gerekdigini söhbetdeşlerimize aýtdyk. Şol ugurda öňe gidişlikler edilýär. Biz şol ylalaşygyň dowam etjekdigi barasynda bar bolan maglumatlary netijelendirýäris" diýip habar berdi. 

Russiýanyň galla koridory ylalaşygyny ýatyrmagyndan soň ýüklenen gämileriň soňky ýagdaýy barada maglumat beren Hulusi Akar: "Ukrainanyň portlaryndan çykan we deňizde bolan gämiler ýollaryny dowam etdirýärler. Biziň ol ýerdäki Türkiyäniň baýdagyny göterýän gämileriň çykyşynda meseleler başdan geçirilmeýär. Olar çykmaga dowam eder" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar