Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1900714
Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşinde başdan geçirilen soňky hadysalar başda bolmak bilen sebitleýin meseleler barada pikir alyşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Gara deňiziň üsti bilen galla eksporty bilen baglanşykly 22-nji iýulda gol çekilen Stambul ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly meseleleriň çözüwi barasynda ähli taraplaryň gatnaşmagynda gerek bolan tagallalary etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Ençeme meselede bolşy ýaly bu meselede hem çözgütlere gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýjakdyklaryna ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan, galla krizisini konstruktiw häsýetde çözen halatlarynda, gepleşiklere gaýdyp gelmek ugrunda hem ediljek işleri höweslendirjekdiklerini beýan etdi. 

Prezident Erdogan Waldaý diskussiýa klubynyň maslahatynda eden çykyşynda, Türkiye we özi barada ýürekden beren beýanatlary üçin Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi. 

Russiýa 29-njy oktýabrda Gara deňiz galla ylalaşygynyň goý bolsun edilendigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar