Prezident Erdogan Somaliniň Prezidenti bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1900082
Prezident Erdogan Somaliniň Prezidenti bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan telefon gürrüňdeşliginde Mogadişu şäherinde 29-njy oktýabrda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny we näletleýändigini beýan etdi. 

Erdogan şol elhenç hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 

Somaliniň terrora garşy göreşine berýän güýçli goldawyny dowam etdirjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň hemişe bolşy ýaly Somaliniň we Somaliniň halkynyň ýanynda boljakdygyny habar berdi. 

29-njy oktýabrda Somaliniň paýtagty Mogadişuda bomba ýüklenen ulag bilen guralan 2 aýry hüjümde 100-den gowrak adam ýogalypdy, azyndan 300 adam bolsa ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar