Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident R.T.Erdoganyň Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.
1895142
![Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/8d43/f59b/2ff5/6038c2566fa31.jpg?time=1718907966)
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşindäki soňky wakalar hakynda pikir alyşyldy.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde diplomatik çözgüt garaýyşyny her şetrde gorap saklamagyň möhümdigini beýan edip, söweşiň gepleşikler arkaly bes edilmegi üçin degişli goşandy goşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan aýratynam hepdäniň ahyrynda Bartyn welaýatynda başdan geçirilen we 41 adamyň pida bolan partlamasy mynasybetli ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesi üçin Zelenskä sagbolsun aýtdy.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d540/89ba/e85f/6674081508253.jpg?time=1718907967)
Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş ýurduň çäklerinden daşaryda hem dowam edýär