Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen duşuşyk geçirdi

Garaşsyzlyk köşgünde metbugat işgärlerine ýapyk häsýetden geçen duşuşykdan ozal, iki lider gysgaça beýannama berdiler

1892449
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Aziýada Hyzmatdaşlyk we ynam artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 6-njy maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine guran saparynyň çäginde  Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi. 

Garaşsyzlyk köşgünde metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçen duşuşykdan ozal, iki lider gysgaça beýannama berdiler. 

Prezident Erdogan beýannamasynda: "Akkuýu atom elektrik bekediniň 1-nji turbinasynyň öňümizdäki ýylyň ilkinji ýarymynda açylmagy dünýäde tapawutly ses getirer. Sinop bilen baglanşykly ädim edilip bilinse, elbetde ol has hem tapawutly multiplikatiw täsir döreder" diýip belledi. 

Prezident Erdogan galla koridory bilen baglanşykly bolsa: "Stambul ylalaşygyny güýçlendirip dowam etdirmek, Russiýa degişli gallanyň we döküniň Türkiýäniň üstaşyr az ösen ýurtlara eksport etmek ugrunda tutanýerlidiris. Türkiye bilen Russiýanyň bu tapgyrda etjek ädimleri käbir töwerekleri biynjalyk etsede, beýleki tarapdan az ösen ýurtlary hem bagtyýar eder" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bolsa tebigy gaz eksportynda Türkiyäniň Ýewropa Bileleşigi üçin iň howpsuz liniýa ýagdaýyna öwrülendigini belläp: "Erdogana Türkiyäni tebigy gaz merkezine öwürmek baradaky niýetimizi aýtdyk" diýip nygtady. 

Putin: "Türkiye Ýewropa Bileleşigine tebigy gaz üpjün etmegiň iň howpsuz ýoly bolup biljekdigini subut etdi. Russiýadan Türkiyä uglewodorod üpjünçiligi doly ýagdaýda işleýär" diýip belledi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Putin: "Gallanyň häzirki wagtda hem iň az bölegi dünýädäki iň garyp ýurtlara gidýär. Stambul ylalaşygynyň çäginde Ukrainanyň gallasyny alýan ýurtlar, Erdogana minnetdarlyk bildirmeli" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar