“Dünýä Uly Synagdan Geçýär”

Prezident Erdogan çykyşynda dünýäde deňagramlylyklaryň üýtgändigini, birnäçe ugurda uly synagdan geçilýändigini nygtady.

1892217
“Dünýä Uly Synagdan Geçýär”
sevket mirziyoyev-erdogan.jpg
erdogan kazakistan.jpg

Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasyna gatnaşýan Prezident R. T. Erdogan, konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda dünýäde deňagramlylyklaryň üýtgändigini, birnäçe ugurda uly synagdan geçilýändigini nygtady.

Prezident Erdogan çykyşynda, terror guramalaryna ýardam berýänleriň öňüniň alynmalydygyny nygtady

Erdogan, Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmeginiň we terrorçylykly hüjümleriň öňüniň alynmagynyň diýseň  möhümdigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan maslahata gatnaşyjylara Owganystana goldaw berilmegi üçin çagyryş berdi.

Erdogan “Türkiýe hökmünde köp taraply aragatnaşyk koridorlarynyň açylmagyny höweslendirýäris. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän döwrebap Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine goldaw berýäris” diýdi.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Gazagystana guraýan saparynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar