Ukrainanyň portlaryndan galla ýüklenen ýene-de 8 gämi ýola çykdy

Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýannama berdi

1891391
Ukrainanyň portlaryndan galla ýüklenen ýene-de 8 gämi ýola çykdy

Türkiyäniň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Galla eksporty ylalaşygynyň çäginde şu gün Ukrainanyň deňiz menzillerinden galla ýüklenen ýene-de 8 gämi ýola çykdy" diýip habar berildi. 

Gara deňizde howpsuz azyk eksportynyň ýola goýulmagy üçin 22-nji iýulda Prezidentiň Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgündäki ofisinde,  Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagynda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda Stambul Galla ylalaşygy baglaşylypdy. 

 


Etiketkalar: #Ukraina , #eksport , #gämi , #galla

Degişli Habarlar