Prezident Erdogan Gazagystanda Saparda Bolýar

Prezident Erdogan Akorda köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

1891912
Prezident Erdogan Gazagystanda Saparda Bolýar

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatyna we Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün ir ertir Gazagystanyň paýtagty Astana gitdi.

Prezident Erdogan Akorda köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Prezidentiň ýanyndaky Kommuniýasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşinin 4-nji maslahatyna ýolbaşçylyk eder.

Degişli ministrleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda, Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem seljerler.

Prezident Erdogan 13-nji oktýabrda geçiriljek Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 6-njy maslahatynda döwlet we hökümet baştutanlaryna ýüzlenip çykyş eder we özara duşuşyklar geçirer.

 



Degişli Habarlar