Türkiýe Somalide Guralan Hüjümi Ýazgardy

Somalide bomba ýüklenen ulag bilen guralan üç hüjümde ilkinji kesgitlemere görä 12 adamyň ýogalandygy habar berlipdi.

1888006
Türkiýe Somalide Guralan Hüjümi Ýazgardy

Türkiýe, Somaliniň Beledweýne şäherinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Somaliniň Beledweýne şäherinde düýn guralan terrorçylykly hüjümde ýerli hökümetiň ýolbaşçylary we asuda ilat bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Şuňa meňzeş terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna, dost we doganlyk Somaliniň hökümetine we halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Somalide bomba ýüklenen ulag bilen guralan üç hüjümde ilkinji kesgitlemere görä 12 adamyň ýogalandygy habar berlipdi.

 

 



Degişli Habarlar