Türkiýe ABŞ-ny Ýazgardy

Türkiýe ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Günorta Kipr Grek Dolanşygyny Milli goraglar ofisiniň ştat hyzmatdaşlygy maksatnamasyna goşmagny berk ýazgardy.

1887901
Türkiýe ABŞ-ny Ýazgardy

Bu barasynda daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.

Ministrligiň beýannamasynda; “ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Günorta Kipr Grek Dolanşygyny ministrligiň çägindäki Milli goragçylar ofisiniň ştat hyzmatdaşlygy maksatnamasyna goşmagyny berk ýazgarýarys” diýilýär.

Beýannamada iki hepde mundan ozal Kipriň grek dolanşygyna ýarag embargosyny bes eden ABŞ-nyň bu başlangyjynyň Türkiýe taýdan hiç hili sebäp bilen düşündirilmeginiň mümkin däldigi nygtalyp; “ABŞ bu başlangyjy bilen adadaky iki tarapyň arasynda deňagramlygy bozmakdan hem öte geçip, gönüden tarap tutmaga başlady. ABŞ şeýle başlangyçlar bilen Kipr meselesiniň adalatly, durnukly we birsydyrgyn çözülmeginde oňyn pozisiýa eýeleme mümkinçiligini hem ýitirýär” diýilýär.

Türkiýäniň hemaýatkärlik hulugyna üns çekilýän behannamada, Kipr türk halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gerek bolan ähli başlangyjyň dowam etjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar