Türkiye Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi waka bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi

1886014
Türkiye Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Burkina-Fasonyň Soum welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň maşgalalary bilen dostlukly we doganlyk Burkina-Fasonyň hakyna tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Burkina-Fasonyň hökümetinden waka bilen bagly berilen beýanatda, ýurduň demirgazygyna material daşaýan 150 ulagdan ybarat harby ulag kerwenine garşy guralan terrorçylykly hüjümde 11 esgeriň ýogalandygy, asuda ilatdan 50 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar