Prezident Erdogan Ýusuf Al Karadawiniň Aradan Çykmagyna Gynanç Bildirdi

Erdogan, “Ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetde bolsun” diýdi

1884707
Prezident Erdogan Ýusuf Al Karadawiniň Aradan Çykmagyna Gynanç Bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Bütindünýä Musulman alymlary bileleşiginiň ozalky başlygy Ýusuf Al Karadawiniň aradan çykmagy sebäpli ogly Abdul Rahman Ýusuf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Ýusuf Al Karadawa Alladan rehnet, hossarlaryna gynanç bildirdi.

Merhrum Ýusuf Al Karadawiniň ömrüni yslam dinine bagyşlandygyny we ynanjyndan asla ýüz öwürmändigini nygtan Erdogan, “Ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetde bolsun” diýdi.

Ýusuf Al Karadawiniň ogly Abdul Rahman Ýusuf hem Prezident Erdogana sagbolsun aýdyp, geljek hepde Stambul şäherinde kakasy üçin çäre geçirjekdiklerini belledi.

 

 



Degişli Habarlar