Prezident Erdogan Nýu-Ýorka Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Prezident Erdogan iş saparyny dowam etdirýär.

1882572
Prezident Erdogan Nýu-Ýorka Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Erdoğan BM temaslar

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident Erdogan iş saparyny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan Baş Assambleýada eden çykyşyndan soň, BMG-nyň Baş sekretary Antonu Guterreş, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistro we Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen duşuşdy.

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançesi kabul eden Erdogan, BMG-nyň ştab kwartirasynda Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani, Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, Günorta Koreýanyň döwlet Baştutany Ýun Sok Ýol we Bangladeşiň Premýer-ministri Şyh Hasina Wejid bilen söhbet etdi.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Prezident Erdoganyň NATO-daly rolyny we liderligini takdyr edýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan Baş Assambleýada eden çykyşyndan soň Iordan Şasy Abdullah YY bilen Türköýüne geçdi.

Prezident Erdogan Iordan Şasy bilen bolan duşuşygyndan soň Ysraýylyň Premýer-ministri Lapidi we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişide Fumiony kabul etdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Kişide duşuşykda Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümlerini “halkara ulgama uly zeper ýetirýän aksiýalar” hökmünde häsiýetlendirdi.

Kişida basyp alyşlyk astyndaky Ukrainadan galla eksportynyň dowam etdirilmeginde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny belledi.

Iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Kabul edilşikler metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen bolsa telefon arkaly söhbetdeşik geçirdi.

Zelenskiý, telefon söhbetdeşliginden soň sosial media arkaly beren habarnamasynda “Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik. Aktual howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar