Emine Erdogan "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy

Dabarada USCMO-nyň Baş sekretary Osama Jammal tarapyndan garşylanan Emine Erdogan, zaldaky myhmanlar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy

1881717
Emine Erdogan "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, ABŞ-daky Musulman guramalar geňeşi (USCMO) tarapyndan Nýu-Ýorkda geçirilen dabarada, sosial taslamalar, bilim, daşky gurşaw we ynsanperwer kömek ugurlarynda musulman zenanlara berilýän "Halkara üstünlik we jemgyýetçilik goşandy" atly baýrak bilen sylaglandyryldy.

Dabarada USCMO-nyň Baş sekretary Osama Jammal tarapyndan garşylanan Emine Erdogan, zaldaky myhmanlar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. 

Emine Erdogan sylaglama dabarasyndan soň eden çykyşynda: "Bu gymmatly sylag, dünýäniň wyždany bolan ýurdumyň adyndan kabul edýärin" diýip belläp, çäräni geçiren Musulman guramalar geňeşine minnetdarlyk bildirdi. 

Emine Erdogan, Türkiýäniň ynsanperwer kömek tejribesiniň daşary syýasatdan has uly we Türk halkynyň bir wyždan kompasydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar